Kitap okaýan dünýäni görer

14 Maý 2021
800

Bilşimiz ýaly, kitap dünýäniň ähli halklarynda mukaddes saýylýar. Olara akyl-paýhasyň şekile giren görnüşi hökmünde garalýar. Kitaphanalar bolsa ynsanyň ruhy taýdan kämilleşmeginde esasy merkez hökmünde mukaddes ýerler bilen deň derejede görülýär.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, asyrlaryň synagyndan geçip kämilleşen medeniýetine aýratyn hormat goýýar. Olara aýawly çemeleşmek, giňişleýin öwrenmek we geljekki nesillere ähli özboluşly öwüşginleri bilen ýetirmek üçin yzygiderli alada edýär. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmek we neşir edilýän kitaplaryň sanyny artdyrmak, olaryň mazmunyny baýlaşdyrmak hem-de gerimini giňeltmek boýunça ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Çünki ýaşlarda ata Watana, halkymyza, milli mirasymyza bolan söýgini, buýsanjy terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti örän uludyr. Galyberse-de, kitaba söýgi, söz sungatyna egsilmez hormat ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelgeler bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täzeçe röwüşde dowam etdirilýär.

Ogulgözel NURGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.