Seýran etsem köçeleriňe, Aşgabat!

14 Maý 2021
879

Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat! Seniň mähremligiňi, gözelligiňi wasp etmäge sözüm ýetenok, sebäbi ýyl-ýyldan özgerýän keşbiňi owadan sözler bilen beýan etmäge zehinim kemterlik edip, ejiz gelýän ýaly bolup dur. Dagy näme, ýurduň, halkyň ýüregi, ýüzüniň tuwagy, abraý-mertebesi, sütüni bolup duran şäheriň düýnüni, şu gününi aňyňda deňeşdirip, ony şirin sözler bilen taryplap, göwnejaý eser döredäýmek aňsadam däl bolsa gerek. Ýöne saba- säherler mukaddeslik saýyp, asuda şäheri ýüzüňe sylanyňda, gursagyňy gaplan üýtgeşik bir duýgy: «Ruhdan düşme, taryplaber» diýip, gulagyňa çawuş çakýar.

Döwrebap, giň gujakly şaýollaryň birinden ýöräp barýaryn. Onuň iki tarapyna, ortarasyna her dürli güllerdir bezeg agaçlary gelşik berýär. Şaýoluň çatrygynda özüniň dürli reňkdäki yşyklary bilen aýdyň gijeleri gündizlerden hem ýagtylandyryp, töwerek-daşa özboluşly sazlaşyk berýän türkmeniň milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň ruhuňy galkyndyrýan ajaýyp keşbiniň janlandyrylan heýkeli, ýerasty we ýerüsti geçelgeler ýüregiňde üýtgeşik duýgy oýarýar. Ýoluň ugrundaky belent ýaşaýyş jaýlary, durmuş we medeni maksatly binalar, söwda we dynç alyş merkezi, ýokary okuw mekdebiniň şarňyldap duran binasy, näzik beden gyzlaryň tanslaryna meňzeş suw çüwdürimli seýilgäh, ol ýerdäki meýdançada oýnap ýören çagalaryň şadyýan gülküsi kalbyňy heýjana salýar. Dünýä halklarynyň Aşgabady ýöne ýere «Yşk we sapaly şäher» diýip atlandyrmaýandyklaryna ýene-de bir gezek şaýat bolýarsyň. Ýagşy zadyň adynyň köp bolşy ýaly, söýgüli paýtagtymyz «Gündogaryň merjen şäheri», «Aşyklaryň ak şäheri» ýaly ýakymly atlar bilen hem tanalýar.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.