Ähli çaga ökde bolup biler! (Kämillige tarap)

14 Maý 2021
711

ZEHINLIMI ÝA ZEHINSIZ?

Käte çagalar babatynda söz açylanda «zehinli» ýa-da «zehinsiz» diýen düşünjelere gabat gelýäris. Zehinli çagalary köplenç mekdepde gowy okaýan, öwredilýän maglumatlary özleşdirmegi başarýan, soralýan sowallaryň aglabasyny dogry jogaplap, gündeligini 5-likden doldurýan çaga hökmünde göz öňüne getirýäris. Eger-de mekdepde ýetişigi pes, öý işlerini etmeýän, tagta çykarylanda soraglara dogry jogap berip bilmeýän, öwredilýän maglumatlary gowy özleşdirmeýän, hat ýazanda owadan ýazmaýan bolsa, köpleriň aňynda beýle çaga «zehinsiz» diýlip kabul edilýär. Emma munuň aňyrsynda çaganyň zehini däl-de, onuň daş-töwereginde bolup geçýän hadysalara üns berip bilijilik ukyby ýatyr. Zehin — munuň özi akyl ýetirmek bilen baglanyşykly düşünjedir. Çagalaryň akyl ýetiriş başarnygy bolsa örän çalt ösýär. Olar eýýäm kiçi ýaşdan başlap hemme zada akyl ýetirip başlaýarlar. Şonuň üçin hem eger-de bir çaga köwşüni dogry geýýän bolsa, köýneginiň iliklerini dogry ildirýän bolsa, dürs gürläp, pikirini dogry beýan edip, özüne zerur bolan maglumatlary ýatda saklap bilýän bolsa beýle çagalaryň ählisi zehinlidir.

Şageldi ÝABANOW,
«Nesil».