Il agzybirliginiň ajaýyp nusgasy

30 Aprel 2021
781

Öňňin ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we Aşgabat şäherinde bolşy ýaly, welaýat merkezindäki Baş metjitde agzaçar sadakasy berildi. Ýörgünli däp-dessurlarymyza laýyklykda mübärek Oraza aýynda berlen agzaçar sadakasy hormatly Prezidentimiziň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowy hatyralaýan çäreler bilen utgaşdy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we köpsanly ildeşlerimiz bilen birlikde welaýatymyzyň çäginde ýaşaýan doganlyk özbek halkynyň wekilleri hem agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar metjidiň bezeg aýratynlyklary bilen tanşyp, diwarlary bezeýän mukaddes ýazgylaryň ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Şeýle-de hajy Arkadagymyzyň metjide ýadygärlik hökmünde gowşuran yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden özüne ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtüge hem-de keramatly teperrige togap edip, Gurhandan aýat okadylar hem-de hormatly Prezidentimiziň mukaddes Oraza aýynda berýän agzaçar sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, ulus-ilimiziň ýüreginde orun alan hormatly Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aramyzdan gitmegi zerarly merhuma imanynyň hemra bolmagyny dileg etdiler. Şeýle-de halkymyzyň abadançylygy, onuň baý medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak barada edýän hossarlyk aladalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglygyny, uzak ömür hem-de ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.