Howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek — abadançylygyň kepili

30 Aprel 2021
646

Ýurdumyzda gurlup, ulanmaga berlen ajaýyp binalary, hususy we döwlet emläklerini ýangyn howpundan goramak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Gözegçiliksiz galdyrylan ýa-da ätiýaçlylyk bilen seredilmedik oduň adamyň ömrüne we daşky gurşawa düýpli zeper ýetirýändigini unutmaly däldir.

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ilkinji nobatda, ýaşaýjylara, ähli raýatlarymyza baglydyr. Şonuň üçin hem ýaşaýyş jaýlarynyň, ulaghanalaryň daş-töweregi arassalanyp, zir-zibiller öz wagtynda çäkden çykarylmalydyr. Geçelgeleri, girelgeleri, howlynyň içini, jaýlaryň ýangyna garşy araçäklerini, daşarky halas ediş merdiwanlaryny, ýangyna garşy suw howuzlaryna barylýan ýollary dürli görnüşdäki goşlar bilen bekläp, geçmäge päsgelçilik döretmek, ýerli häkimlikleriň rugsady bolmazdan, gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek, jaýlaryň ýangyna garşy araçäklerinde, boşluklarynda, howlynyň çägindäki açyk meýdançada ýanyjy goşlary, ýeňil ýanyjy suwuklyklary, gazly, kislorodly gaplary saklamak, jaýlaryň, howlynyň we gurluşyk işleri geçirilýän ýerleriň töwereginde ot ýakmak ýa-da doly sönmedik közli külleri dökmek talaba laýyk gelýän däldir.

Serdar ARAZBERDIÝEW,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň döwlet ýangyn gözegçiligi boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty.