Bize ýazýarlar

30 Aprel 2021
794

BEDEW ATYŇ WASPY TARYHY ÝADYGÄRLIKLERDE
Gadymy Marguşda biziň eýýamymyzdan öňki III-II asyrlarda atlaryň eldekileşdirilip başlanandygy dogrusynda maglumatlar bar. Marguş medeniýetiniň paýtagt şäheri Goňurdepeden tapylan jaýlanan taýçanagyň galyndylary, atyň bürünç heýkeljikleri, şeýle hem gadymy Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň çäklerindäki Daşgaladan dokuzburçluk şekiliň içinde şekillendirilen atyň (XIV asyr), Kyrkmolla depesinden taýçanagyň (miladydan öňki I müňýyllyk), Horezmşalaryna degişli bolan mis zikgeleriň ýüzündäki atly serbazyň şekilleriniň ýüze çykarylmagy halkymyzyň atçylyk we seýisçilik sungatynyň örän gadymydygyny subut edýär. Şeýle hem Nejmeddin Kubranyň kümmetinden tapylan şaý-sepler bilen bezelen bedew şekillendirilen bezeg daşy (XIII-XIV asyr) milli zergärçilik sungatyna degişli baý maglumatlary özünde jemleýär. Bu taryhy maglumatlar bilen içgin tanyş bolanyňdan soň, ýurdumyzyň Döwlet tugrasynda türkmen bedewiniň şekillendirilmeginiň tötänden däldigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.

Türkmen tebigatynyň we milli seýisçilik tejribesiniň sazlaşygyndan kemala gelen bedewleriň häsiýetli aýratynlyklary, eýesine wepalylygy halkyň ruhyýetine has ýakyndyr. Şonuň üçin hem, dana ata-babalarymyz owadanlygyň we ýyndamlygyň nyşany hasaplanýan gamyşgulak bedewleri merdana ýigitleriň maksat-myradyna deňeýär. «Ataňdan soň atyňy gör!» diýip sarpalan, «Perzent dilemedim, seni diledim» diýip söýgülän türkmen öz atyny uçar ganaty hasaplapdyr. Maglumatlardan görnüşi ýaly, dünýä halklary ahalteke bedewlerini elýetmez baýlyk, bibaha gymmatlyk hasaplan bolsalar, türkmen ýigitleri üçin olar ýoldaş, iň ýakyn syrdaş bolupdyr. At bilen türkmen ýigidiniň arasynda göze görünmeýän ruhy baglanyşyk bar.
Mülkaman JUMAÝEW,
Gurbansoltan eje adyndaky etrap kazyýetiniň kazyýet kätibi.