Ady dünýä dolan türkmen halysy

30 Aprel 2021
837

Öz akabasyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň, el işleriniň inçe syrlarynyň, aýratynlyklarynyň sünnälenilip, kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr. Olar halkymyzyň taryhyny, gahrymançylygyny, gözel tebigatyny, pähim-parasadyny, milliligini, däp-dessurlaryny dokaýan nepis halylarynyň çitimlerine, göllerine siňdirmegi ussatlarça başarypdyrlar. Türkmen halyçylarynyň on barmagynyň hünärinden dörän müňýyllyklaryň ömür dowamatyna, syrly rowaýatlara öwrülip, dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp sungat eserleri häzirki döwürde özboluşly kämillige eýe bolýar.

Gelin-gyzlarymyzyň bu ugurdaky şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, tebigy gözelligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek bolsa döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde orta çykýar. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda el hünärine degişli bolan dürli döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmäge giň ähmiýet berilýär. Ýakynda welaýatymyzyň Halaç etrabynyň Garabekewül şäherindäki medeniýet öýünde welaýatymyzyň halyçy gelin-gyzlarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşigi hem şolaryň biridir. «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» diýen at bilen geçirilen bu bäsleşik gelin-gyzlarymyza öz ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşik üç şert boýunça geçirildi. Onuň «Türkmeniň kalby ― türkmen halysy» şertinde bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlarymyz dünýäde giňden tanalýan türkmen milli el halylaryna, haly önümlerine, gaýtalanmajak nusgalyk nagyşlarymyza, ajaýyp halylarymyza bolan söýgüsini, buýsanjyny, guwanjyny wasp etdiler. «Gadymy hem-de müdimi senet» diýlip atlandyrylan ikinji şert boýunça bäsdeşler halylara salynýan gadymy nagyşlaryň, gölleriň, olara siňen syrlaryň taryhy, gelip çykyşy, aňladýan manysy baradaky maglumatlary gürrüň berdiler. Bäsleşigiň bu şertinde ärsary göli, guşly göl, sary keşde, gülýaýdy, älem, şelpe, byçgy, derweze ýaly milli nagyşlaryň aýratynlyklary çeper wasp edildi. «Kesbi-kärim — nesillere görelde» diýlip atlandyrylan jemleýji şertiň dowamynda halyçylar hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi» kitabyndan türkmen halysynyň gözelligini wasp edýän bölekler boýunça çeper çykyşlary guradylar. Şeýle hem haly sungaty bilen baglanyşykly gadymy rowaýatlary, ynançlary, däp-dessurlary, aýdyşyklary, gazallary, öz ýürek buýsançlaryny goşgy setirleriniň, sahnalaryň, aýdym-sazlaryň üsti bilen ýerine ýetirdiler.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.