Nesil terbiýesi — esasy mesele

12 Aprel 2021
911

Belent sepgitleri nazarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary esasynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly üns berilýär.  Merdana halkymyz ähli döwürlerde hem ýaş nesli terbiýelemeklige uly ähmiýet berip gelipdir. Halkymyzda agzybirlik, adamkärçilik, adamlaryň ýaşyna garamazdan, birek-birege sylag-hormat goýmak ýaly däp-dessurlaryň nesilden-nesle geçip gelýändigi hemmä mälimdir. Çaganyň ýokary ahlakly bolup ýetişmeginde edep-terbiýäniň ähmiýeti örän uly bolup, ol ene süýdi ýaly halal bolmalydyr.

Häzirki wagtda geljegimiz bolan çagalara berilýän bilim-terbiýäniň derejesini ösen döwrüň talaplaryna ýetirmek, mekdebe çenli çagalar edaralarynda aňly-bilimli, ýokary taýýarlykly ýaş nesli kemala getirmek esasy meseledir.

Maral SÖÝÜNOWA,
Balkanabat şäherindäki «Arzuw» çagalar bakjasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.