Ýelpewaç

12 Aprel 2021
957

Bahar pasly aram howaly bolsa-da, indi yssy günler uzakda däl. Häzirki wagtda o diýen köp ulanylmaýan hem bolsa, howanyň yssy günlerinde ýelpewaç ulanýan adamlara gabat gelinýär. Eýsem, bu ýönekeýje enjam haçan peýda bolduka?!

Ýelpewaç Gündogar we Uzak Gündogar ýurtlarynda has irki döwürlerden bäri bellidir. Onuň ilkinji görnüşleri palma we lotos agaçlarynyň ýapraklaryndan ýasalypdyr. Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, Hytaýda II asyra degişli bolan ýelpewaçlaryň üstünden barlypdyr. Olaryň tutawajy agaçdan we perden ýasalypdyr. Ilkibaşda has uly bolan ýelpewaçlaryň soňlugy bilen has kiçi, ýanyňda göterilýänleri peýda bolupdyr. Kagyzdan we ýukajyk tagta bölejiklerinden ýasalan ýelpewaçlar giň halk köpçüligi tarapyndan ulanylypdyr.

Owadan GARAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.