Milli demokratiýamyz dabaralanýar

12 Aprel 2021
781

Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzda şu ýylyň 28-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynda ata Watanymyzyň ösüşleriniň hatyrasyna dürli pudaklarda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiziň hem-de syýasy partiýalaryň işjeň agzalarynyň arasyndan iň mynasyp görlenler bu abraýly gurama wekil hökmünde saýlandylar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly edara hökmünde döredilmegi bilen, berkarar döwletimizde ilkinji gezek geçirilen bu saýlawlaryň tutuş ýurdumyzda we welaýatymyzda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilendigini aýratyn bellemek bolar. Asyrlaryň dowamynda pederlerimiziň pähim-paýhasyndan kemala gelen kämil milli ýörelgelerimize we halkara derejesinde ykrar edilen kadalara laýyklykda, demokratik şertlerde geçirilen bu saýlawlar ýurdumyzda adam hukuklary bilen baglanyşykly milli demokratiýamyzyň barha rowaçlyga beslenýändigini ýene bir ýola açyk-aýdyň subut etdi.

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda bolup geçen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi hem-de milli Parlamentimiziň iki palataly kanun çykaryjy edara öwrülip, onuň Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasynyň — Mejlis, wekilçilikli palatasynyň bolsa, Halk Maslahaty diýlip atlandyrylmagy, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken möhüm waka öwrüldi. Bu zatlaryň ählisi öz halky barada üznüksiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň bagtyýar il-günümiziň azatlyklaryny, erkinligini we durmuş hem-de zähmet goraglylygyny kepillendirýän kämil kanunlaryň kabul edilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýändiginden, milli demokratiýamyzyň barha dabaralanýandygyndan habar berýär.

Çemen AMANGELDIÝEWA,
Daşoguz welaýat kazyýetiniň Şikaýatlar we arzalar bölüminiň uly maslahatçysy, 1-nji derejeli ýurist.