Tebigat — biziň öýümiz

12 Aprel 2021
797

BÖTENDAGDA BAG EKILDI
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa degişli esasy wezipeleriň biri bolup durýan Araly halas etmek bilen bagly alnyp barylýan işlerde Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmenleriniň hem öz mynasyp goşantlaryny goşmagyny gazanmagyň zerurdygy barada tabşyryklary beripdi. Şol tabşyryklardan ugur alyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň bilelikde guramagynda Bötendag belentliginde Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda başy başlanan tokaý zolagynda saýaly we pürli bag nahallaryny ekmek çäresi guramaçylykly geçirildi.

Aral meselelerini çözmek babatda çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, bagy-bossanlyga büremek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Türkmen oba hojalyk institutynyň degişli kafedralarynda ýaş mugallymlaryň gatnaşmagynda şular bilen bagly ylmy-barlag işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Häzirki döwürde ekologiýany arassa saklamak, oňa täzeçe çemeleşmek işlerine yzygiderli gatnaşýan bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary Bötendag belentliginde bar bolan baglara ideg etmek, olaryň düýbüni ýumşatmak, täze saýaly we pürli baglary ekmek çärelerini uly hyjuw bilen amala aşyrdylar.