Zehinli nesiller döwrümiziň guwanjy

12 Aprel 2021
810

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygyna, geljeginiň abadan bolmagyna gönükdirilýär. Gözel Diýarymyzyň nurana ertirleriniň hakyky eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almaklary, olaryň döredijilik zehinlerini, özboluşly ukyplaryny ýüze çykarmak, kämilleşdirmek üçin Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda we döredijilik bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň aýdyň subutnamasydyr.

Medeniýet halklary, döwletleri birleşdirýän ruhy güýçdür. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, medeni, taryhy we ruhy gymmatlyklary bir kökden gaýdýan türki halklaryň arasyndaky baglanyşyklary berkitmek, parahatçylygy, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, dürli bäsleşikler, forumlar we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».