Remezan diýerler aýyň ýagşysyn

12 Aprel 2021
753

Şu gün haýyr-sahawatyň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýy başlandy. Bu bolsa tutuş yslam äleminde ruhy galkynyşy öňküden-de artdyrdy. Merdana halkymyz ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna eýerip, täze dogan Aýy maňlaýlaryna sylyp, köňül tämizliginiň, beden sagdynlygynyň gönezligi bolan milli ýörelgelerimizi özünde jemleýän ajaýyp pursatlary uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Mukaddes Oraza aýy on bir aýyň soltany hasaplanýar. Onuň tutuş dowamynda ýagşy adatlary ýaýmak, bir-birege hoşamaý bolmak, hoşniýetli amallary berjaý etmek, hormat-sarpany has-da dabaralandyrmak ýaly dessurlar berjaý edilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri halkymyzyň durmuşynda milli däp-dessurlarymyzyň gadyr-gymmatyny artdyrýan mana eýedigi bilen has gymmatly görülýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda agzybirligi, jemgyýetiň sazlaşygyny we jebisligini pugtalandyrmak, gadymdan gelýän milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmek baradaky ajaýyp başlangyçlary, amala aşyrýan beýik işleri täze ösüşleriň belent sepgitlerine mynasyp itergi bolýar. Bu ýurdumyzda ruhy päkligiň, haýyr-sahawatyň aýy hasaplanýan mukaddes Orazanyň tutuş dowamynda amal edilýän ýörelgeleriň mysalynda hem has aýdyň görünýär.

Ahmet AMANLYÝEW,
welaýatyň baş ymamy.