Kesbinden kemal tapan

12 Aprel 2021
708

Golaýda welaýat kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Ahal, Mary welaýat kitaphanalarynyň arasynda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Annatuwak Kakaýewanyň doglan gününiň 60 ýyllygyna bagyşlanan  «Kesbinden kemal tapan şahyr» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy welaýat kitaphanasynyň direktory Ogulhan Mätdurdyýewa giriş sözi bilen açdy, şahyryň durmuş ýoly we döredijiligi bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Annatuwak Kakaýewanyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna, Aşgabat şäherimiziň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap ýazan goşgularyny okap bermegi duşuşygyň täsirliligini artdyrdy.