Milli gymmatlyklarymyzyň çeper keşbi

12 Aprel 2021
742

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýat häkimliginiň, medeniýet, Baş bilim müdirlikleriniň, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda welaýatyň höwesjeň suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, bilim işgärleriniň, halyçylarynyň arasynda «Türkmen bedewleri hem-de türkmen alabaýy milli buýsanjymyz» atly döredijilik sergi-bäsleşigi geçirildi. Sergide türkmen bedewiniň we alabaýynyň çeper keşpleri ýagly reňkde, şeýle-de ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň dänelerinden, özboluşly çeperçilik bilen döredilen heýkeltaraş işlerinde wasp edildi. Döredijilik bäsleşiginde heýkeltaraşlyk işi boýunça Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Baýgeldi Annamedowyň «Görogly», Sapa Akbaýewiň «Türkmen bedewi», S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýaşaýjysy, hormatly dynç alyşdaky Ýusupbaý Atajanowyň «Uçar ganat», surat çekmek boýunça Gubadag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şasenem Gurbanowanyň «Behişdi bedew», S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 59-njy orta mekdebiň mugallymy Sadylla Döwletowyň «Bedew», Akdepe etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy Allanur Güjükowyň «Behişdi bedew», Maýa Döwletowanyň «Bedew», S.A.Nyýazow adyndaky etrap bilim bölüminiň hünärmeni Bahram Şamyradowyň «Wepaly», şu etrapdaky 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Sewinç Klyçewanyň «Uçar ganat», Gubadag etrabynyň medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňi Laçyn Toýlyýewanyň «Bedew», Köneürgenç etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Maksat Toýlyýewiň «Türkmen bedewi», Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Maksat Pureşowyň «Ak han», Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Mekan Amanowyň «Ýyndam bedew», Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Çemen Käbeliýewanyň «Türkmen bedewi», däneden gobelen ýasamak işi boýunça Daşoguz şäherindäki 27-nji çagalar bagynyň şepagat uýasy Selbi Şyhyýewanyň «Türkmeniň milli buýsançlary», Boldumsaz etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Täzebaý Koýbaýewiň «Türkmen alabaýy», Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky 50-nji orta mekdebiň okuwçysy Myratjan Zaýyrjanowyň «Alabaý», küýzegärlik işi boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy Sähra Ataýewanyň «Bedew», Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ogulnur Kitaýewanyň «Türkmen bedewi» ýaly işleri ýeňiji hökmünde saýlanyldy.

Gunça SEÝIDOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri.