Jemgyýetçilik guramalarynda

12 Aprel 2021
742

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. «Aşgabat — Garaşsyz döwletimiziň merjen şäheri» atly bu maslahat «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna hem-de gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa professor-mugallymlar, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylan ösüş-özgerişler, bagtyýarlygyň hem gözelligiň şäheri bolan Aşgabadymyz, türkmenistanlylaryň durmuş-zähmet goraglylygy, sagdyn jemgyýeti gurmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Il-ýurdumyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän irginsiz aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna sagbolsun aýtdylar.