Oraza — ynsanperwerligiň aýy

12 Aprel 2021
761

Şu gün hijri-kamary hasaby boýunça Remezan aýy başlanýar. Remezan aýynda agyz beklemek, haýyr-sahawat işlerini berjaý etmek ýaly asylly däpler mähriban halkymyzyň agzybirlige we bitewülige, abadançylyga, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinde döreden asylly däp-dessurlarynyň, milli gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelenmegi üçin ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çagalar bu mukaddes aýyň başlanmagynyň bir gün öňýanynda agşamara Ýaremezan aýtgylaryny şowhunly aýdyp, ýagşy arzuw-niýetler edip, täze Aýyň dogandygyny buşlaýarlar. Ildeşlerimiz bu aýda Beýik Biribardan ata Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyny dileg edip aýat-töwürler okaýarlar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen öňe sürlen ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmekde halkymyza uly rowaçlyklary arzuw edýärler.

Golaýda ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleri, ata Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň bagtyýar ýaşaýşy, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi bilen pugta baglydyr. Remezan aýynyň öňýanynda hormatly Prezidentimiziň haýyr-sahawat gaznasyna ilkinji bolup, aýlyk hakynyň ýarysyny geçirmegi hem asylly göreldeden, ynsanperwerlikden aýdyň nyşandyr.

«Aşgabat».