Şanly ýylyň çäreleri

12 Aprel 2021
664

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyryp, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyrýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralary parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, asudalyk ýörelgeleri bilen dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň şanly ösüşiniň ýalkymyny has-da nurlandyrar. Biz hem ýurdumyzda hereket edýän iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleridir ýaş meýletinçileri bilen etrabymyzyň çägindäki edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem-de oba zähmetkeşleriniň arasynda ýygy-ýygydan bolup, täsirli çäreleri, düşündiriş işlerini geçirmeklige giň gerim berýäris.

Duşuşyklarymyzda adatdan daşary ýagdaýlar dörände, tebigy betbagtçylyklar ýüze çykanda, özüňi nähili alyp barmalydygy, nähili ýagdaýda howpuň öňüni alyp boljakdygy barada anyk maglumatlary mysal getirmek arkaly gürrüň berýäris. Şeýle ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ejir çekenleri nähili usulda howply ýerden daşlaşdyrmalydygyny we lukmandan deslapky ilkinji kömekleri bermekligiň ýollaryny usuly tejribeler arkaly görkezýäris hem-de degerli maslahatlary berýäris. Şu günler ilatyň arasynda geçirýän söhbetdeşliklerimiziň esasy özenini ýokanç keselleriň öňüni almak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek ýaly wagyz-nesihat çäreleri düzýär.

Merjen ABDULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň hünärmeni.