Hukuk nazaryýeti we raýat

12 Aprel 2021
819

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet gurluşynyň meselelerini, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini, şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýän milli kanunçylygymyz rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň talaplaryna, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, şeýle-de dünýäniň ösen demokratik ýurtlarynyň tejribesini nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň, düýpli özgertmeleriň kanun taýdan esaslandyrylmagynyň zerur şertidir.

Konstitusion kada döwleti emele getirýän we onuň häkimiýet edaralaryny dolandyrýan raýatlary goramaga we olara hyzmat etmäge gönükdirilen wezipeleri amala aşyrmaga borçly edýär. Olaryň döwletiň öňünde jogapkärdiklerini kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda konstitusion kadalar döwlet bilen jemgyýetiň we adamyň özara gatnaşyklarynyň esasyny birikdirýär. Raýatlaryň özleriniň we özgeleriň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamagyny hem-de sarpa goýmagyny terbiýeleýär. Her bir raýatyň hukuk terbiýesini we medeniýetini kämilleşdirýär.

Bahtiýar ALYMOW,
Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.