Rowaçlyga rowan ýollar

12 Aprel 2021
1297

Awtoulaglar we ýol hereketi. Biri-birinden aýryp bolmaýan bu düşünjeleriň arasynda iş ýüzünde sazlaşygy gazanmak uly tagallalary talap edýär. Hormatly Prezidentimiz bu möhüm meseläni gün tertibinde saklamak bilen, degişli gulluklaryň öňünde anyk we jogapkärli wezipeleri goýýar. Bizde bu ugurdan alnyp barylýan işlere toplumlaýyn häsiýet berilýär. Oňa welaýat merkezimizde ýaýbaňlandyrylýan köptaraply çäreler aýdyň mysal bolup biler.

Soňky ýyllarda şäherimiziň köçeleriniň durky täzelenilip, olaryň hereket üçin has sazlaşykly bolmagy üpjün edildi. Şeýle işler häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Ýol gurluşykçylar şu günler «Lebap» söwda we dynç alyş merkezine barýan Alty Garlyýew köçesiniň durkuny täzelemek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Mälim bolşy ýaly, bu ýoluň ugrunda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň kaşaň binasy gurulýar. Ýerine ýetirilýän işler şäherimiziň iň gözel ýerleriniň birine öwrülýän bu künjege eltýän köçäniň awtoulaglaryň gatnawy we pyýadalaryň hereketi üçin amatly bolmagyna uly ýardam berer. Şunuň ýaly durkuny täzeleýiş we abatlaýyş işleri beýleki ýerlerde hem berjaý edilýär.

Muhammet ŞERIPOW,
Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany.