Asudalygyň goragynda

12 Aprel 2021
744

Wezipämiz — halkymyzyň abadanlygy

Bagtyýarlyk zamanamyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda il-günümiziň rahatlygy we abadanlygy içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin derwaýys wezipeligine galýar. Sebäbi, halkymyzyň asuda, rahat durmuşynyň üpjün edilmegi halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň kepili bolup hyzmat edýär. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyz bu wajyp wezipeleri öňde goýup, olaryň ýerine ýetirilmegine berk talap bildirýär.