Durmuş üpjünçiligi pugtalandyrylýar

12 Aprel 2021
791

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň alamatyna öwrülen durmuş syýasaty adamyň bähbitlerine, hak-hukuklaryna sarpa goýýar, onuň döwrebap we mynasyp ýaşaýşyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalary ähli ugurlarda özüniň oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pensiýa we döwlet kömek pullary ulgamyndaky özgertmeler ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň biridir.

Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, özüniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda adam deňhukuklylygynyň we wyždan azatlygynyň berjaý edilmegi ýaly ýörelgelere eýerýär. Döwletimiz jemgyýetiň gazanan maddy gymmatlyklaryny, baý tebigy mümkinçiliklerini adamlaryň bähbidine ulanmaga, ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirýär. Şol sanda durmuş üpjünçiliginiň subýektleri hökmünde ýetim çagalar we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, şeýle-de olar babatynda kanunçylygy berjaý etmek we kämilleşdirmek wezipesi hem döwletiň paýyna düşýär.

Serdar GURBANOW,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni.