Usuly maslahat geçirildi

12 Aprel 2021
818

Şu günler Kaka etrabynyň çägindäki edara-kärhanalaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda «Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewi» atly usuly maslahatlar geçirilýär. Şeýle usuly maslahat Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşinde hem geçirilip, ýokary işjeňlige eýe boldy. Etrapdaky 19-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda bolan usuly maslahata bilim-terbiýeçilik edaralarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary gatnaşdy.

Usuly maslahatda ýurdumyzda ildeşlerimiziň döwrebap şertlerde zähmet çekmekleri, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary ugrunda döredilen ajaýyp mümkinçilikler barada söhbet açylyp, zähmeti goramak boýunça kadalarydyr düzgünleri dogry berjaý etmegiň ýollary dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi. Onuň barşynda sanitariýa-arassaçylyk, howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak babatda aýdylanlar dykgat bilen diňlendi.

Pirmuhammet ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.