Ruhy gymmatlyklar — döwletli ýörelgeler

11 Aprel 2021
691

Milli aňyýetimizde däp-dessurlara, medeni we ruhy gymmatlyklara bolan mukaddes gatnaşyk kämillik bilen saklanyp gelinýär. Türkmen halky milli däp-dessurlarynda, durmuş ýörelgesidir sungatda, medeniýetde diňe kämil zatlary nesillere geçirýär. Milli aňyýeti baýlaşdyrýan kämil ruhy gymmatlyklar bilen nesiller terbiýelenýär.

Ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, halkyň ruhuny baýlaşdyrmak, jemgyýete kämil ugurlary ornaşdyrmak, düşünjäni ösdürmek, öwrenmek ukyplylygyny artdyrmak, ýaş nesli beýik maksatlara gönükdirmek bolsa, milli Liderimiziň baş maksatlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz müňlerçe ýyllyk taryhy we däpleri bolan baý milli mirasymyza täze röwüş berdi, ruhy gymmatlyklarymyzy täzeden galkyndyrdy. Oraza aýynda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip, belent ahlak ýörelgelerini hem-de ynsanperwerligi özünde jemleýär. Yslam dünýäsinde uly orun eýeleýän Oraza aýy bilen bagly ýörelgeler Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, ynam-ygtykady, sahawaty, terbiýäni, dostlugy, ynsanperwerligi dabaralandyrýar.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».