Edebim — mertebäm

11 Aprel 2021
856

Şeýle at bilen Gökdepe etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda zenanlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler gatnaşdy.

Duşuşygy Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň başlygynyň orunbasary N.Hojaýewa açyp, ýurdumyzda zenanlar hakynda edilýän alada, türkmen jemgyýetinde zenanlaryň orny we türkmen zenanyny bezeýän gözel ahlak sypatlar dogrusynda gürrüň etdi hem-de gelin-gyzlaryň bagtyýar durmuşy, ajaýyp şertlerde zähmet çekmegi, bilim almagy, döretmegi ugrunda edýän aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdy.

Amangül ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň işgäri.