Täzelikler, habarlar

9 Aprel 2021
1082

TÄZE MÖWSÜME BADALGA BERILDI
Golaýda ýurdumyzyň teatrlarynda täze möwsüme badalga berildi. Welaýatymyzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatry täze möwsümde tomaşaçylara «Çynymy aýtsam», «Saňa ýalan, maňa çyn», «Umytly söýgi» atly oýunlaryny hödürleýär. Teatryň ussat artistleriniň sahnalaşdyran oýunlary her hepdäniň anna, şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkezilýär. «Sahna oýunlary gülküli we gyzykly wakalara baý bolup, tomaşaçylary biparh goýmaýar» diýip, teatryň edebiýat bölüminiň müdiri Öremyrat Öwezow gürrüň berýär. Spektakllarda ýaşlaryň durmuşy täsirli sahna görnüşleri arkaly beýan edilip, olarda söýginiň mukaddesligi, päkligi hakynda gürrüň edilýär. Şeýle hem, ata-enä hormat goýmak, söýgä, dostluga wepalylyk ýaly asylly häsiýetler wagyz edilýär. Oýunlar we olaryň görkeziliş tertibi hakyndaky doly maglumatlar bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň turkmenteatrlary.gov.tm saýty arkaly tanşyp bolýar.
Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».

* * *