Halyçylar bäsleşdiler

9 Aprel 2021
868

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişli kärhanalarda zähmet çekýän halyçy gelin-gyzlaryň arasynda yglan eden  «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Gubadag etrabynyň merkezindäki medeniýet öýünde geçirilen bu bäsleşige Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de onuň etraplardaky önümhanalarynyň ezber elli halyçy gelin-gyzlary gatnaşdylar.

Bu bäsleşigiň esasy maksady halyçy gelin-gyzlaryň şahsy başarnyklaryny açyp görkezmekden, olarda zähmetsöýerligi, edepliligi, türkmen zenanyna mahsus asyllylyk häsiýetleri terbiýelemekden, ýaşlarda haly sungatyna höwesi artdyrmakdan ybarat bolup, oňa gatnaşyjylar milli halylarymyzyň we haly önümlerimiziň taryhyny, bäş welaýata degişli aýratynlyklaryny, halkymyzyň öz halylaryna çäksiz söýgüsini hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda, beýleki çeşmelerde berilýän maglumatlar, gürrüňler, rowaýatlar, däp-dessurlar arkaly açyp görkezmek, gözelligini wasp etmek boýunça çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olaryň «Türkmeniň kalby — türkmen halysy», «Gadymy hem-de müdimi sungat», «Kesbi-kärim nesillere görelde» diýlip atlandyrylan şertleri «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de — bizini», «Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem ýagşy» diýen halk pähimleriniň äheňinde berjaý edişleri ýokary bahalara mynasyp boldy.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».