Watançylyk mekdebi

9 Aprel 2021
904

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri halkymyzyň ruhy we maddy gymmatlyklaryny täze röwüşde janlandyrýar. Eziz Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Türkmen halkynyň däp-dessurlary, edim-gylymlary, ýörelgeleri, milli mirasy kitabyň her bölüminiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ajaýyp kitapda watançylyk duýgusynyň inçe pikirler bilen berilmegi, nesil terbiýesi bilen bagly tymsallaryň, rowaýatlaryň, nakyllardyr atalar sözleriniň getirilmegi eseriň many-mazmunyny has-da artdyrýar.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halkymyzyň parahatçylyk söýüjiligini, kämil dünýägaraýşyny, mukaddes ýörelgelerini dünýä ýaýmakda, ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrmakda tapylgysyz çeşmä öwrülen eseriň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminde şeýle setirler bar: «Taryhda bina edilen kuwwatly türkmen döwletlerinde ylym-bilim ýokary derejelerde ösdürilipdir. Ylym-bilim baýlygy bolsa, edil adamy adam edýän altyn ýörelgeleriň, ynsaplylyk, adalatlylyk, lebzine wepalylyk, edermenlik, halallyk, şükürlilik, gaýratlylyk ýaly häsiýetleriň ynsan üçin umumy bolşy ýaly, adamlaryň köňlüni açyp görkezýän baýlykdyr». Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden şu günlerimize gelip ýeten milli mirasyna sarpa goýmakda, olary nesillerimize ýetirmekde, Watana, ene topraga söýgini berkitmekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri biziň üçin gymmatly gollanmadyr.

Şirin BAÝRAMOWA,
Bereket etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy.