Merdana pederlerimiziň nusgalyk göreldesi

9 Aprel 2021
1195

Ýaş nesilleri terbiýelemegiň ygtybarly çeşmesidir

Halkymyzyň gadymyýete uzaýan şanly taryhynda yz galdyran şahsyýetleriň durmuş ýollaryny içgin öwrenmek we olary ösüp gelýän ýaş nesle öwretmek milli terbiýe ulgamymyzda aýratyn ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baý taryhymyzy we medeni gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek we olary dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ähli mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiz geljekki nesillerimiziň peder ýörelgelerine ygrarly terbiýelenmegine aýratyn üns berýär. Watan goragçylarynyň watansöýüji ruhda terbiýelenmekleri üçin taryhy şahsyýetlerimizdir merdana serkerdeleriň akyl-paýhasyny, baý durmuş tejribesini öwrenmek zerur bolup durýar. Bu barada hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Taryhymyzy, Watan goragynda är işini bitiren serdarlaryň, gerçekleriň, batyrlaryň, gahrymanlaryň ömri, söweş ýoly, edermenligi bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary içgin öwreniň, olardan görelde alyň, Watanymyzyň, Ýaragly Güýçlerimiziň gahrymançylykly taryhyny baýlaşdyryň!» diýip belleýär.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.