Belent binalaryň artýar hatary

9 Aprel 2021
953

Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde berkarar Diýarymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyz sanlyja ýylyň içinde tanalmaz derejede özgerip, ajaýyp şähere öwrüldi. Paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti durmuş-medeni maksatly täsin desgalar, döwrebap edara binalary, çagalar baglarydyr orta mekdepler, gyralary al-elwan güllere beslenen, aýna kimin tekiz ajaýyp ýollar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň ösüşine, halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilip, amal edilýän beýik işler halkymyzda egsilmez güýji, ruhubelentligi kemala getirýär, gurmaga, döretmäge bolan höwesi artdyrýar. Aşgabat häzirki wagtda kuwwatly ykdysadyýetiň, ösen senagatyň, ylmyň we innowasiýalaryň, milli binagärligiň ajaýyp ýörelgeleriniň, gurmagyň we döretmegiň, beýik ösüşleriň dabaralanýan şäherine öwrüldi. Şunda binalaryň täsin binagärligi, ýokary hil derejesinde gurulmagy aýratyn guwandyryjydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem il-ýurt ähmiýetli binalar dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler. Bular babatda golaýda hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň häkimliginde geçiren iş maslahatynda aýratyn gürrüň edildi. Iş maslahatynda hödürlenen taslamalar paýtagtymyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Goý, gözel şäherimiz Aşgabady ösüşleriň belent sepgitlerine eýe edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Maksat ÇÜRIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.