Bagtyýarlyk mukamy

9 Aprel 2021
743

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen eziz Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenýän zamanasy bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merjen şäherimiz Aşgabat dünýäniň parahatçylyk dörediji merkezine öwrüldi. 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma, goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem hut şu belent maksatlardan gözbaş alýar.

Ylalaşdyryjy we işewürlik merkezi hökmünde paýtagtymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornunyň we ähmiýetiniň ýylsaýyn pugtalanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ak şäherimizde gurulýan binalaryň ençemesi halkara derejesindäki maslahatlary, forumlary geçirmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasy bu aýdylanlara aýdyň mysal bolup biler. Binagärlik taýdan özboluşly aýratynlyga eýe bolan bu desgany merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly joşgun bilen bellenilýän günlerinde dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Täze, kaşaň myhmanhana baýramçylyk mynasybetli halkymyza ajaýyp toý sowgady bolar.

Çynar AMANNEPESOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.