Aýdyň geljegiň nury

9 Aprel 2021
627

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň çuň parasata ýugrulan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda amal edilýän beýik işler, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýolunda ýetilen belent sepgitler täze taryhyň altyn sahypalaryny bezeýär. Berkarar Diýarymyzda bagtyýar durmuş öz eşretini eçilýär, beýik ösüşler bilen dabaralanýar. Ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna okgunly goşulýar. Watanyň, mukaddes topragyň, halkyň ykbaly göterilýär, möhüm ähmiýetli desgalar gurulýar, ýaşaýyş üçin oňyn şertler döredilýär, şöhratly geljegiň binýady berkden tutulýar. Şunda gözel paýtagtymyzyň öňde goýlan belent maksatlaryň dabaralanmagynyň öňüni çekip barýanlygy aýratyn guwandyryjydyr. Ýakyn wagtlarda paýtagtymyzyň Çandybil hem-de Arçabil şaýollarynyň aralygynda gurulýan aýlaw görnüşli «Arkadag» myhmanhanasynyň, Halkara Maslahatlar merkeziniň, Hökümet münberiniň kaşaň binalary, başga-da birnäçe desgalar ulanmaga berler. Munuň özi paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak, syýasy, ykdysady, medeni, syýahatçylyk we sport ugurlarynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça ençeme wezipeleriň hem üstünlikli çözgüdini esaslandyrýar. Ak şäherimiziň ençeme giň hem owadan şaýollarydyr köçeleri, olaryň ugurlaryndaky dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarydyr edara-kärhanalaryň täsin binalary, seýilgählerdir dynç alyş we sport meýdançalary bu günki gün diňe bir paýtagtlylaryň däl, ähli ildeşlerimiziň buýsanjyna öwrüldi.

Goý, ata Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady beýik ösüşler bilen jahana meşhur edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Bezirgen REJEPOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.