Aşgabat — Daşkent: doganlaşan şäherler

9 Aprel 2021
792

Hormatly Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň netijesinde Aşgabat dünýäniň gün-günden gözelleşýän, dost-doganlygyň dabaralanýan şäheri hökmünde giňden tanalýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň ençeme şäherleri bilen doganlaşdy. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli gazetimizde ak şäherimiziň dünýäde doganlaşan şäherleri barada «Dostluga uzaýan ak ýollar» atly rubrikanyň astynda makalalar toplumyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Şu sanymyzda Aşgabadyň Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäheri bilen doganlygy, dostlukly gatnaşyklary, binagärlik taýdan ösüşleri barada gürrüň etmegi müwessa bildik.

Bu iki şäheriň taryhy kökleri, häzirki binagärlik taýdan beýik ösüşleri, täze gurulýan täsin desgalary iki halkyň, döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar. Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biri Özbegistan Respublikasydyr. Bu ýurt bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Iki döwletiň we halklaryň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda umumylyklar köpdür. Döwletleriň Aziýa yklymynyň merkezinde, geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit üçin däl, eýsem, ählumumy möçberde hem möhüm ähmiýete eýedir.

Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.