Akhanyň nesil dowamaty

9 Aprel 2021
918

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly şöhratly sahypalara täze öwüşgin, nur çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda behişdi ahalteke atlaryna söýgi, sarpa goýulýar. Ahalteke atlaryny ösdürmek, tohumlygyny gowulandyrmak barada möhüm işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda — Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde dünýä inen eýjejik, naşyja taýçanaga Gahryman Arkadagymyz şol ýyl bilen baglanyşdyryp, Rowaç diýip at goýupdy.

2021-nji ýylyň ýaz paslynyň ilkinji günlerinde — Milli bahar baýramynyň buşlukçysy bolup, Akhanyň nesil dowamaty bolan taýçanajyk dünýä indi. Milli Liderimiz Akhanyň nesli bolan bu taýa 140 ýaşy arka atýan gözel paýtagtymyzyň ady bilen baglanyşdyryp, Aşgabat diýip at goýdy. Halkymyzyň buýsanjy bolan Aşgabadyň hem geljekde Akhan ýaly çarpaýa galjakdygy guwandyrýar.