Bedewleriň buýsanjy

9 Aprel 2021
802

Gadym döwürlerden bäri dowamly ýyllary külterläp gelýän ýelden ýüwrük bedewler halkymyzyň göwün syrdaşy bolupdyr. Arkadag Prezidentimiziň ahalteke bedewlerine goýýan hormaty, söýgüsi çäksizdir. Milli Liderimiziň buýsanjy bilen bedew atlarymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy barha rowaçlanýar. Behişdi bedewlerimiz özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, duýgurlygy bilen ynsanlary haýrana goýýar. Kalplarda orun alan, ynsanyň syrdaşy bolan türkmen bedewlerimiziň şan-şöhratyna ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde, bagşy-sazandalaryň şirin owazlarynda göz ýetirmek bolýar.

Häzirki wagtda türkmeniň tohum ahalteke atlaryny ýetişdirmekde derwaýys işler alnyp barylýar. Türkmen bedewlerini altyn şaý-sepler bilen bezäp, at çapyşyklary, at üstündäki oýunlar guralyp, toý-baýramlarymyzyň şatlyk-şowhuny belende göterilýär. Diýarymyzyň ähli ýerinde dünýä ülňülerine, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kaşaň atçylyk sport toplumlarydyr athanalar gurlup, ulanylmaga berilýär.