Guwançly senä taýýarlyk

9 Aprel 2021
884

Şan-şöhratly taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan gadymy türkmen halky mähriban Prezidentimiziň saýasynda eşretli eýýamyň hözirini görýär. Özüniň milli gymmatlyklaryny baýlaşdyryp, olaryň gadyryny bilýär we buýsanýar. Türkmen bedewidir türkmen alabaýy şeýle gymmatlyklarymyzyň hataryndan bolup, Garaşsyzlyk ýyllary behişdi bedewlerimizdir türkmen alabaýlarynyň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar.

Bilşimiz ýaly, bagtyýarlyk zamanamyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesiniň Türkmen bedewiniň milli baýramy hökmünde bellenilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu şanly sene Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda many-mazmun bilen baýlaşyp, buýsanjymyza buýsanç goşýar. Has anygyny aýtsak, şanly ýylymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramy hem bellenilip geçiler. Şu baýramçylyk gününde türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan bedewlerimiziň we türkmen halkynyň wepaly dosty, ygtybarly goragçysy türkmen alabaýynyň buýsançly waspy dünýä ýaň salar.