Sagdyn durmuşyň gözbaşy

9 Aprel 2021
686

Halkynyň rahatlygy, asudalygy, zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek babatynda hemişe aladalanýan milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesini hemmeleriň hemra tutunmalydygyny sargaýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz-ündew edilmegi, köpçülikleýin yzygiderli bedenterbiýe we saglyk hereketleriniň geçirilmegi, sporta uly üns berilmegi, häzirki zaman dünýä ülňülerine gabat gelýän ähli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, ähli şertler döredilen hassahanalaryň, şypahanalaryň, dynç alyş, “Tiz kömek” merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň ruhubelent, bagtyýar, sagdyn ýaşamagy üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilmegini, arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak, ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly wezipeler derwaýys bolup durýar. Şol wezipelerden ugur alnyp, ýakynda Ýolöten etrap medeniýet öýünde «Sagdyn durmuş — ýörelge, hemmelere görelde» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.