Zenan edebi — gözellik

9 Aprel 2021
850

Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda welaýat zenanlar bölüminiň guramagynda «Zenan edebi — gözelligiň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa welaýat zenanlar bölüminiň agzalary, institutyň zenan mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdylar. Duşuşygy institutyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy Aýsona Gurbandurdyýewa alyp bardy.

Zenan edebine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygynda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Aknabat Atabaýewa çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň zenanlar üçin edýän aladalary, zenanlaryň ahlak terbiýesi, arassalygy, tebigy gözelligi, zähmetsöýerligi, wepadarlygy, maşgala mukaddesligi hakynda giňişleýin durup geçdi.