Ynsanperwer syýasatyň netijesi

9 Aprel 2021
744

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň ýurtlarynyň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýandygy hem munuň şeýledigini äşgär görkezýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda milli Liderimiziň öňe süren teklibi esasynda “2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň bu abraýly gurama agza döwletleriň ählisiniň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy.