Eşretli döwrümiz bar

8 Aprel 2021
714

Gökdepe etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Halkym alkyşlaýar Arkadagyny» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda bolan maslahata bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri hem-de işjeň partiýa agzalary gatnaşdy.

Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlary, ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüji daşary syýasaty dogrusynda gürrüň etdi hem-de ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilimli, ylymly, sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil adamlar bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalara ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek bilen baglanyşykly Karary, şeýle-de milli Liderimiziň bu gazna aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirmegi her bir raýatyň hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyny artdyrdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Ymamberdi NURYÝEW,
Gökdepe etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.