Ot söndürijileri nähili saýlamaly?

8 Aprel 2021
877

Haýsy ot söndüriji enjamlary satyn almaly: kömürturşy gazly, tozly ýa-da howa köpürjikli. Bularyň haýsysy biziň üçin amatly? Geliň, seljerip göreliň!

Ot söndüriji enjamlar saýlanylanda, esasan, haýsy görnüşli ýangynlaryň söndürilmegi üçin ulanylmaga niýetlenendigine üns bermelidir. Ýangynyň görnüşi we derejesi bolsa ot söndüriji enjamyň gabynyň daş ýüzünde görkezilýär. Ýangynyň görnüşleri: «A» harpy — güýçli ýanyjy maddalaryň ýanma görnüşi, «B» harpy — ýanyjy suwuklyklaryň ýanma görnüşleri, «C» harpy — ýanyjy gazlaryň ýanma görnüşleri, «D» harpy — ýanyjy metallaryň we düzüminde metal bolan maddalaryň ýanma görnüşleri, «E» harpy — elektrik gurnawlarynyň näsazlygy sebäpli döreýän ýangynyň görnüşleri, elektrik enjamlarynda gysga utgaşmalary, elektrik dugasy, agram düşmeler zerarly uçgunlama döremegi, şol sanda elektrik gurnawlarynda tehniki ulanyşlaryň bozulmagy.

Orazguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 1-nji bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.