Binalar we baýraklar

8 Aprel 2021
696

Binagärlik sungatynyň eserleri bolan ajaýyp ymaratlar gözelligi bilen görenleri haýrana goýup, bize geçmişiň sahypalary barada gyzykly gürrüňleri berýär. Häzirki döwürde-de üýtgeşik binalary döredýän ussatlar kän. Şeýle ussatlara gowşurylýan halkara baýraklary barada gürrüň etmegi makul bildik.

Pritsker baýragy. Bu baýrak dünýä ýüzünde giňden belli bolup, Nobel baýragy bilen deň saýylýar. Binagärlik ugrundan Nobel baýragynyň gowşurylmaýandygy dünýä ýüzünde «Hyatt» myhmanhanalar ulgamynyň eýesi bolan doganlar Pritskerleri 1979-njy ýylda şeýle baýragy döretmek pikirine iterýär. Döredileli bäri geçen ýyllaryň dowamynda bu baýragyň gowşurylyş dabarasy Waşingtondaky Milli galereýa, Nýu-Ýorkdaky «Metropoliten» muzeýi, Wersal köşgi, Kapitoliý baýry ýaly belli-belli ýerlerde geçirildi. Baýrak almagyň esasy şertleriniň biri — taslamada binagärlik çözgütlerinde täzeçillikleriň ulanylmagy.

Nurali NEPESOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.