Hemmämiziň borjumyz

8 Aprel 2021
869

Paýtagtymyz Aşgabadyň ösmegi, çäginiň giňelmegi, ilat sanynyň artmagy oňa bolan buýsanjy artdyrýar. Şol bir wagtda hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň öňünde uly wezipeleri goýýar. Şolaryň iň esasylarynyň biri ýangyn döremek howpunyň öňüni alyş çäreleridir.

Köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýangyn howpsuzlygy goragynyň ykjamlygy ýokary hilde bolup, onda awtomatik ýangyn duýduryjy, habar beriji ulgamy işleýär. Awtomatik ýangyn duýduryjy, habar beriji ulgamy işlän döwründe, awtomatik görnüşde liftleriň 1-nji gata düşmegine, onuň gapylarynyň açyk durmagyna hem-de liftiň ýöreýän ýolunyň boşlugy emeli usulda, wentilýatorlaryň kömegi bilen, howadan doldurylyp, içine tüssäniň girmezligi üpjün edilýär. Şeýle-de awtomatik habar berijiniň işlän ýerinde howa sorujylaryň gapaklary açylyp, emele gelen tüssäni özüne sorup, howa giňişligine çykarýar, daşarky ýangyna garşy suw ätiýaçlyk beketleriniň ýokary basyşly suw nasoslaryny herekete getirip, olaryň işini söweşjeň ýagdaýa taýýarlaýar.

Döwran NARLYÝEW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiriniň işgärler boýunça orunbasary, içerki gullugyň podpolkownigi.