Ýaşajyk zehinleriň bäsleşigi

7 Aprel 2021
857

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. 3-nji orta mekdepde geçirilen bäsleşige okuwçylaryň 14-si gatnaşdylar.

Owadan güllerdir şarlar bilen bezelen sahnada kalby joşgunly çagalar, çagalar döredijilik toparlary gezekli-gezegine çykyş edip, ol ýeri alaýaza öwürdiler. Dürli saz gurallarynda ýerine ýetirilen şirin owazly sazlar, olara sazlaşykly goşulan aýdymlardyr döwrebap  tanslar bagtyýarlyk döwrümiziň belent ýaňy bolup, çäräniň şowhunyna şowhun goşdy.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».