Sagat näçe bolduka?..

7 Aprel 2021
890

Uniwersitetde okan döwrümde oglanlaryň biri bilen has golaý gatnaşypdym. Ikimiz uzak ýyllaryň dowamynda jaňlaşyp, hal-ahwal soraşyp gelýäris. Ol bir gezek gürrüň arasynda: «Biz, dogrudanam, bary-ýogy 18-19 ýaşly oglan-gyzlar bolup, paýtagta okamaga bardykmykak? Tutuş bäş ýyly şol ýerde geçirdikmikäk? Birhili, ynanasyňam gelenok, süýji düýş ýaly bir zat» diýdi.

Adam çaga mahaly wagtyň çalt geçip, özüniň basymrak ulularyň hataryna goşulmagyny isleýär; ulalanda bolsa, tersine, wagtyň juda çalt geçişine haýran galýar, aram-aram: «Heý, muny saklamagyň tär-usuly tapylmazmyka?» diýip, ýüregindäki hiç wagtda hasyl bolmajak arzuwy degişme äheňinde dile getirýär. Onuň üçin köp wakalar, ahwalatlar, ýaşlyk dostumyň aýdyşy ýaly, süýji düýş deýin bir zada öwrülýär.

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».