Baky bagtyýarlygyň ýoly

5 Aprel 2021
835

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda berkarar Watanymyz bedew bady bilen ösýär, özgerýär. Gurulýan döwrebap binalardyr desgalar Diýarymyzyň barha özgerýän keşbine sazlaşyk we gözellik goşýar. Bu bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň paýtagtynda bina edilýän bir-birinden belent, kaşaň ymaratlaryň, ýaşaýyş toplumlaryň hatary giňeýär, Watanymyzyň sebitlerinde gurulýan döwrebap obalaryň we şäherçeleriň sany artýar. Gurluşyklary alnyp barylýan döwrebap obalaryň hatarynda welaýatymyzyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag, Owadandepe geňeşlikleriniň, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çägindäki gurluşyk taslamalaryny bellemek bolar. Agzalan täze, döwrebap obalaryň her birinde bir gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýüzlerçesinden başga-da, durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň gurulýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi, täze gurulýan nusgalyk obalarda bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesine jaý toýlaryny toýlamak bagtynyň miýesser etjekdigini alamatlandyrdy.

Meýlis GARRYÝEW,
Gökdepe etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.