Berjaý edilmeli düzgünler

4 Aprel 2021
1287

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy döwrebap ýangyn söndürijiler we ýöriteleşdirilen tehnikalardyr beýleki zerur bolan enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bu zatlar Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň netijeli we tutanýerli işlemegine giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri tarapyndan ilatly ýerlerde, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, senagat desgalarynda, guramalarda, oba hojalyk ekinleri bilen bagly işleriň alnyp barylýan ýerlerinde, şol sanda önümçilik kärhanalarynda ýangynlaryň öňüni alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak maksady bilen geçirilýän şeýle çäreleriň, düşündiriş işleriniň barşynda degişli hünärmenlere ýangyn howpsuzlyk düzgünleri boýunça degerli maslahatlar berilýär.

Maksat ORAZOW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiriniň orunbasary, içerki gullugyň maýory.