Zähmet — rehnet — bagt

2 Aprel 2021
773

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitapdan alnan çuňňur manyly bu jümle biziň her birimize, hususan-da, ýaş nesillerimize adamy adam edýän gudratyň zähmetdigini, durmuşyň lezzetiniň zähmetdedigini, BAGT atly binany hem diňe zähmet bilen gurup bolýandygyny aýdyň açyp görkezýär. Kitabyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde edilýän söhbet hut şu meseleleriň töwereginde jemlenýär. Munuň özi düşnükli, sebäbi zähmet bilen döwletlilik düşünjeleri bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem asyrlardan aşyp, şu günlerimize gelip ýeten döwletlilik ýörelgelerimiziň esasynda durýan gymmatlyklarymyzyň biri-de merdana halkymyzyň zähmetsöýerligidir.

Ýigit görki — hünär

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».