Parahatçylygyň waspy çagalaryň döredijiliginde

2 Aprel 2021
897

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijlik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda, milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda «Dünýä dursun parahat» diýen temada düzme ýazmak boýunça Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Gurbangözel Ataýewa birinji, Magtymguly etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Tawus Mämmedowa ikinji, Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Baýy Hojamyradow üçünji orunlara mynasyp boldular.

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».