Bagtyýarlyk mekany

2 Aprel 2021
645

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenýän baş şäheri Aşgabat özüniň görkana keşbi bilen halkymyzyň ýürek buýsanjyna, göz-guwanjyna öwrüldi. Şu ýyl mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly dabara bilen toýlaýar. Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Aşgabadyň binagärlik keşbiniň möhüm düzüm bölegini emele getirýän tutuşlygyna ak mermere beslenen desgalaryň arasynda döwrebap ýaşaýyş toplumlary aýratyn orun eýeleýär. Olara Parahat 7, Çoganly, Gurtly ýaşaýyş toplumlaryny, paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji, 15-nji, 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde bina edilen köpgatly ýaşaýyş jaýlaryny mysal getirmek bolar. Içinde ähli zerur şertler döredilen, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan bu ýaşaýyş jaýlary hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan ugur alnyp, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda abadan ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Mähriban paýtagtymyzda yzygiderli gurulýan ýaşaýyş toplumlarynda döwrüň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň giňişleýin ornaşdyrylýandygy aýratyn guwandyryjydyr. Munuň aýdyň mysalyny paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäginde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda hem görmek bolýar. Bu öýlerde «akylly öý» taslamasynyň üstünlikli ornaşdyrylmagy ýaşaýjylaryň gündelik işlerini ýeňilleşdirip, olaryň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejesini üpjün edýär. Şeýle hem, bu toplumyň daşky bezeginiň mozaika görnüşinde bezelmegi hem paýtagtymyzda dünýä we milli binagärlik sungatynyň sazlaşykly utgaşdyrylýandygynyň nobatdaky görkezijisi bolup durýar.

Gülşirin HAJIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň kiçi ylmy işgäri.